Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankada bir günlük benzin galdy

16:3318.05.2022
0
678
Şri-Lankada bir günlük benzin galdy
Surat: mir24.tv

12-nji maýda wezipesine girişen Şri-Lankanyň premýer-ministri Ranil Wikramasinghe düýn ýurduň raýatlaryna ýüzlenip, ada döwletdäki agyr ykdysady ýagdaýy habar berdi. Ol: “Bizde benzin gutardy, diňe ýeke günlük ýangyç gorumyz galdy” diýdi. Bu barada “Interfaks” ýazýar.

Wikramasinghe öňdäki aýlaryň has-da kyn boljakdygyny, sebäbi hümmetsizlenmäniň ýokarlanjakdygyny aýdyp, lankalylary synaglara döz gelmäge çagyrdy. Premýeriň sözlerine görä, hökümet ýurtda her gün elektrik toguny 15 sagat öçürmäge mejbur bolar.

Ol şeýle-de häzir hökümete ýurda getirilýän derman serişdeleri üçin maliýe serişdesini gözlemegiň wajypdygyny nygtady, ada döwletde häzirki wagtda örän zerur dermanlaryň 14-siniň ýetmezçiligi duýulýar.
Mundan bir aý Şri-Lankanyň döwlet ýangyç kompaniýasy benzini kadalaşdyrylan möçberde paýlamagyň gerekdigi barada habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň