Soňky habarlar

Arhiw

“Karib deňziniň garakçylarynyň” dowamy surata alnar

19:0018.05.2022
0
738
“Karib deňziniň garakçylarynyň” dowamy surata alnar
Surat: filmpro.ru

Iri internet kino neşirleriň biri bolan “film.ru” saýtynyň ýazmagyna görä, Golliwuddaky prodýuser Jerri Brukhaýmer “Karib deňziniň garakçylary” («Пираты Карибского моря») atly filmler tapgyrynyň täze iki bölüminiň üstünde işlenilýändigini we olaryň birinde baş keşbi aktrisa Margo Robbiniň janlandyrjakdygyny habar berdi.

“The Sunday Times” gazetine beren interwýusynda ol: «Biz Robbi bilen gepleşikleri alyp barýarys. “Garakçylaryň” täze iki bölüminiň birinde ol baş keşpde surata düşer» diýdi.

Öňki bölümlerde baş keşbi — Jek Serçäni janlandyran Jonni Deppiň taslama dolanjakdygy belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň