Soňky habarlar

Arhiw

PSŽ möwsümi rekord girdeji bilen tamamlaýar

16:5818.05.2022
0
1174

PSŽ möwsümi 700 million ýewrolyk girdeji bilen tamamlady ― diýip, L'Equipe neşiri ýazýar.

Bu ― klubyň taryhyndaky rekord girdejidir. Mundan ozalky rekord 2018/19-njy ýyllaryň möwsümindäki 637,3 million ýewrolyk girdejä degişlidi.

Lionel Messiniň topara goşulmagy bilen Pariž şäheriniň kluby ýene-de 11 sany täze hemaýatkär edindi. Bu bolsa umumy girdejiniň 310 million ýewrosyny düzýär.

Argentinaly ýyldyz klubyň köýnekçe söwdasyna hem görnetin täsirini ýetirdi. Möwsümde jemi 1 million köýnekçe satylan bolsa, şolaryň 60 göterimi «Messi» ýazgyly köýnekçelerdir.

Oýun günlerinden geçen möwsümde 93 million ýewro girdeji gazanan klub tamamlanyp barýan möwsümde bu girdejini 132 million ýewro çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň