«Şagadam» bilen «Nebitçi» futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogynda üçünji tapgyrda hem ýeňiş gazandylar

15:2418.05.2022
0
1293

Futbol boýunça Balkan welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäginde nobatdaky duşuşyklar geçirilip, onuň netijesinde ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň wekilleri “Şagadam” bilen “Nebitçi” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu barada TFF habar berdi.

Şeýlelikde, toparlaryň ikisi hem geçiren duşuşyklarynda 6 utukdan toplap, ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler.

Kubok bäsleşiginiň ýeňijileriniň bir aýlawda geçirilýän bäsleşikde belli edilýändigini ýatladýarys.

Futbol ýaryşynyň nobatdaky tapgyrynyň duşuşyklary şu gün, 18-nji maýda geçirilip, onda “Nebitçi” – “Galkynyş” hem-de “Şagadam” – “Nebitçi II” toparlary duşuşarlar.

3-nji tapgyryň netijeleri:
“Şagadam” – “Galkynyş” – 6:1
“Nebitçi” – “Çarlakly ýoly” – +:-

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň