Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler

14:2918.05.2022
0
4113

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 21-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda “Sanly ykdysadyýet – geljegiň aýdyň ýoly” ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler.

Bäsleşigiň maksady okuwçylarda geljekki saýlap aljak hünärlerine bolan söýgüni, täze döredijilik pikirlerini höweslendirmekden, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan, has zehinlilerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşige gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary talyplary maý aýynyň 17-sine çenli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň resmi web-saýtynda resmi kagyzlary dolduryp hasaba alynmaly.

Munuň üçin degişli resminamalary tituki@online.tm ýa-da tit.we.uki@gmail.com salgylaryna ugratmaly.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşigine sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçiriler. Testden üstünlikli geçen her bir gatnaşyjy netijelerini we gazanan bahalaryny awtomatik usulda hasaplanylyp, gurmaçylyk topary boýunça testiň netijeleri kesgitlenilýär.

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň yglan edilen ýeňijileri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty tarapyndan sylaglanar.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etrap,Senagat 51-nji jaýy,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty;

Telefon belgileri: (+ 993 12) 39 26 05;

Faks: (+993 63) 60 40 02;

E-mail: tituki@online.tm ýa-da tit.we.uki@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň