Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

22:2317.05.2022
0
3287

Şu gün, Aşgabatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlar we syýasatçylar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar çagyryldy.

Dabara mynasybetli merkeziň eýwanynda guralan sergide amaly-haşam we häzirkizaman sungat eserleri, muzeý gymmatlyklary, neşir önümleri görkezildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Döwlet baýdagyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda çykyş edenler soňky 30 ýylyň dowamynda döwleti ösdürmegiň maksatlaryndan, döwrüň talaplaryndan, öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alnyp, konstitusion, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, köp partiýaly saýlaw ulgamynyň döredilendigini bellediler. 2020-nji ýylda Esasy Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esasy döredildi, Esasy Kanunyň täze düzgünnamalaryna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi.

Çykyşlarda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň konsepsiýasyny has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýän kanunçylyk milli hukuk ulgamynyň daýanjy bolup, jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda döwletimizi ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, maslahata gatnaşyjylar aýtdylar.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat bölümçelerdäki mejlisler arkaly işini dowam etdi. Şolarda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň iş ýüzünde amala aşyrylyşy baradaky meselelere bagyşlanan birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky hemişelik aladasy, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlere çykarandygy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, Durnukly ösüş maksatlary babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda geçirilen konsert maksatnamasynda meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, çeper höwesjeňler toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň