«Annanas» el iş hyzmatlary zenanlaryň sumkalary üçin sargytlary kabul edýär

10:2218.05.2022
0
5220

«Annanas» el iş hyzmatlary tomus möwsümi üçin ýüpden aýallaryň örme sumkalarynyň taýýarlanylyp başlanandygyny mälim edýär.

Sargyt esasynda ýerine ýetirilýän bu el iş önümleri dürli reňklerde we dizaýnda, şeýle-de türkmen milli nagyşlary bilen bezelip ýerine ýetirilýär.

«Annanas-yň» önümleri elde dürli hildäki ýüplerden örülip, tejribeli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylýar. Bu örme sumkalarynyň her biri ondan peýdalanýanlara özboluşly tomus öwüşginini berer. Olaryň hemmesiniň el hünäri bolup, sünnälenip ýerine ýetirilýändigini bellemek bolar.

Ýüpden örülýän el işleriniň täze möwsüm üçin niýetlenen görnüşleri özüniň ýeňilligi, aýdyň reňkleri we oňaýlylygy bilen tomsuň bezegleriniň naýbaşylarynyň biri hökmünde köpçüligiň üns merkezinde bolar. Berkligi bilen tapawutlanýan ýüpden örülen sumkalar islendik adama özboluşly gelşik we ajaýyplyk berer.

Sumkalary sargyt etmek üçin şu salgylar boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň