Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

04:5418.03.2015
0
2543

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri (KHBS) halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär. “Türkmenistan: altyn asyr” saýtynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Aziýa-Ýuwaş ummany telegepleşikler birleşiginiň habarlar toparynyň (AÝUTB) agzalygyna kabul edildi. Bu baradaky Ylalaşyga Sendaý şäherinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan iş sapary mahalynda gol çekildi.

KHBS-i ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy tejribe we tehnologiýa alyşmakda, şeýle hem türkmen teleýaýlymlarynyň internet-giňişligi we bu ugurdaky kommunikasiýa serişdelerini özleşdirmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda habar alyşmak we KHBS-i ugrunda birnäçe şol sanda goňşy döwletler bilen hem ylalaşyklary gazanmak boýunça işleriň taýýarlyk tapgyry alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistan baradaky dogruçyl habarlaryň bütin dünýä ýaýramagyna ýardam eder.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň