Soňky habarlar

Arhiw

Çeh daglarynda iň uzyn asma köpri açyldy

17:3517.05.2022
0
1125
Çeh daglarynda iň uzyn asma köpri açyldy
Surat: ekabu.ru

Çehiýanyň dag kurortynda dünýäde pyýadalar üçin iň uzyn asma köpri guruldy we onuň umumy uzynlygy 721 metre deň. Bu barada “Interfaks” habar berdi.

“Sky Bridge 721” diýlip atlandyrylan asma köpri deňiz derejesinden 1100 metrden hem gowrak belentlikde guruldy. Ol aşagynda jülge ýerleşýän 95 metrlik belent dag gerişlerini birikdirdi.

“Sky Bridge 721” köprüsi ýurduň demirgazyk-gündogar bölegindäki Kraliskiý Snežnik daglyk ýerinde ýerleşýär. Köprüden beýikligi halaýan adamlar üçin ajaýyp dag tebigaty görünýär. Onuň gurluşygy iki ýyla çekdi we 200 million çeh krony sarp edildi.

Bilermenler täze asma köprüniň sebite has köp jahankeşde çekmekde kömek etjekdigini nygtaýarlar. CzechTourism edarasy bu ýeriň indi daşary ýurtly jahankeşdeleriň hem iň söýgüli ýerleriniň biri boljakdygyna umyt edýär.

Dünýäde iň uzyn köprüleriň ikinjisi Portugaliýanyň Aruke diýen ýerinde bolup, onuň uzynlygy 516 metre deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň