Soňky habarlar

Arhiw

Müsür HPG-dan täze karz almakçy

16:2717.05.2022
0
1277
Müsür HPG-dan täze karz almakçy
Surat: tonkosti.ru

Müsüriň hökümet başlygy Mustafa Madbuli düýn Kairiň Halkara Pul Gaznasyndan täze karz almakçydygyny habar berdi diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.

Ol bu barada Kairde geçen metbugat ýygnagynda habar berdi we munuň ählumumy ykdysady meseleleri ýeňip geçmek boýunça çäreleriň maksatnamasy esasynda amala aşyrylýandygyny nygtady.
Madbuli ýene birnäçe aýdan maksatnamanyň durmuşa geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Premýer-ministr şeýle-de, müsür ykdysadyýetinde 20 milliard ABŞ dollaryna deň bolan içerki bergi bazaryndan daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpçülikleýin gidýändigini habar berdi. “Ýyly pullar” diýlip atlandyrylýan bu maýa goýumlary döwletiň daşary ýurt pulunyň esasy çeşmeleriniň biri bolmak bilen, ol turizm we müsürlileriň daşary ýurtlardan pul geçirimleri ýaly ýerli ykdysadyýet üçin örän zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň