Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky teatrlar dynç alyş günleri tomaşaçylara garaşýar

16:1817.05.2022
0
1330

2022-nji ýylyň 20-nji maýdan 22-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherindäki teatrlar paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin teatr sahnasynda ýigrimä golaý sahna eserini görkezer. Dürli ýaşdaky adamlar üçin görkeziljek sahna eserleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

Aşgabatdaky teatrlaryň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web saýtymyza beren habaryna görä, hepdäniň ikinji ýarymynda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin şu aşakdaky oýunlar görkeziler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

• 21-nji maý: «Jelaletdin» 19:00;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

• 21-nji maý: «Nuhuň gämisi» (spektakl ilkinji gezek görkezilýär) 19:00;
• 22-nji maý: «Sawçy we sallahlar» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

• 20-nji maý: «Atsyz ýyldyz» 19:00;
• 21-nji maý: «Gyzyl papajyk» 13:00;
• 21-nji maý: «Andro we Sandro» 19:00;
• 22-nji maý: «Super towşan» 13:00;
• 22-nji maý: «Sekiz sany söýýän zenan» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

• 20-nji maý: «Seniň yşgyňda perwana» 19:00;
• 21-nji maý: «Geliň, gülşeliň!» 19:00;
• 22-nji maý: Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň çykyşy. (Wagtyny teatryň kassasynda habarlaşyp anyklap bilersiňiz!)

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

• 21-nji maý: «Söýgi bar ýerinde» 19:00;
• 22-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen Döwlet gurjak teatry:

• 20-nji maý: «Iň hezil gün» 19:00;
• 21-nji maý: «Towşanjygyň öýi» 12:00;
• 21-nji maý: «Janly gurjaklar» 19:00;
• 22-nji maý: «Böwenjik» 12:00, 15:00;
• 22-nji maý: «Bir towşanjyk bar eken» 19:00.

Bellik: Teatr sahnasynda görkeziljek oýunlar üçin petekleri teatrlaryň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň