Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

04:3618.03.2015
1
2482

Aşgabat, 18.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge oňaýly şertleriň bardygyny bellediler.

Ulag-aragatnaşyk pudagy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunda Türkmenistan özbek tarapynyň goldawyna eýe bolan başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän gumanitar ulgamyň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar. Munuň özi iki doganlyk halkyň taryhdan gözbaş alýan ruhy-medeni gatnaşyklary, olaryň köpasyrlyk däpleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir. Şol däpleriň hataryndaky halkara derejä eýe bolan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýaly öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň ekologiýa ýaly möhüm ugurda sebit we dünýä tagallalaryna ygrarlydygyny bellediler. Mälim bolşy ýaly, bu meselede işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan anyk başlangyçlary, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar baradaky sebit merkezini döretmek hakynda teklibi öňe sürdi. Şol teklip Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň Bütindünýä maslahatynda hem beýan edildi.

Türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp, goňşy döwletiň Baştutanyna şu aýyň ahyrynda Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň