Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan gepleşik geçirildi

20:0616.05.2022
0
924
Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan gepleşik geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün — 16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde konstruktiw özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylyksöýüji başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň taýýardygyny tassykladylar.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň döwlet we hususy gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmakda gyzyklanmasynyň bardygy beýan edildi.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Diplomatlar bu duşuşygyň, hususan-da dokma senagaty, maýa goýumlary, nebit-gaz pudagy, energiýa, daşky gurşaw we azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrjakdygyna umyt bagladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň