Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda häzire çenli 576 tonnadan gowrak pile öndürildi

21:5816.05.2022
0
958

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde şu güne çenli ýurt boýunça jemi 576 tonnadan gowrak piläniň tabşyrylandygyny we bu ugurda bellenilen meýilnamanyň 25,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Häzirki döwürde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pile tabşyrmak işleri dowam edýär. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we işleri talabalaýyk ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň