Türkmenistanyň Prezidenti önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

21:4916.05.2022
0
5031
Türkmenistanyň Prezidenti önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurduň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda ýurduň welaýatlarynyň häkimleri häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlyk işleriň derejesi, şeýle hem gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Şol birwagtyň özünde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň öndürijilikli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanýar. Welaýatlar häkimleri ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler hakynda hem hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlarda pile öndürmek işleri ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýat häkimlikleriniň ähli düzümlerinde, degişli edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän hemmetaraplaýyn işler häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň we onda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Türkmenistanda 2022-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” Karara laýyklykda, orak möwsümine taýýarlyk işleriniň, orakda işlediljek kombaýnlaryň, kabul ediş bölümleriniň we awtoulaglaryň möwsüme taýýarlygy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şunda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin guramaçylyk hem-de kombaýnlary sazlaýjy we abatlaýjy toparlary döretmek, şol birwagtyň özünde tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bir hatarda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini gazanmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezident ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol birwagtyň özünde welaýatlarda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde dolandyryş edaralarynyň işine, umuman, häkimligiň ähli düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň ösen tejribelere laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagy aýratyn wajypdyr.

Welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hem hasabaty diňlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynda işleri talabalaýyk alyp barmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň