Arhiw

Türkmenistanly hünärmen Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň 3x3 basketbol boýunça ýaryşlarynda eminlik eder

14:5816.05.2022
0
3782
Türkmenistanly hünärmen Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň 3x3 basketbol boýunça ýaryşlarynda eminlik eder

FIBA-nyň türkmenistanly emini Bagtyýar Ibragimow Wýetnamyň paýtagty Hanoýda geçirilýän Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çägindäki 3x3 basketbol boýunça ýaryşlarynda eminlik eder. Bu barada Türkmenistanyň basketbol federasiýasy tarapyndan «Turkmenportala» habar berildi.

XXXI Günorta-Gündogar Aziýa oýunlary 12-nji maýda başlandy. Ýaryşa sebitdäki 11 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşýar. Medallar ugrundaky göreş sportuň 40 görnüşi boýunça 526 toplum ugrunda dowam edýär.

Wýetnam bu ýaryşy 2021-nji ýylda geçirmeli boldy, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli bu çäre bir ýyla yza süýşürildi. SEA 2021 oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy 23-nji maýda Wýetnamyň paýtagtyndaky ýeňil atletika köşgünde bolar.

Bagtyýar Ibragimowa FIBA derejesi 2017-nji ýylda berildi. Ol geçen bäş ýylyň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda (2017, Aşgabat), Aziýa oýunlarynda (2018, Jakarta), FIBA ​​Asia Quest Final ýaryşynda (2019, Maldiwler), Dünýä kenarýaka oýunlarynda (2019, Doha) eminlik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň