Futbol boýunça Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy üçin göreşjek toparlar belli boldy

12:2916.05.2022
0
1088

2023-nji ýylda futbol boýunça Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrunda dört topar ― «Real» (Ispaniýanyň çempiony), «Real Betis» (Ispaniýanyň kubogynyň eýesi), «Walensiýa» (Ispaniýanyň kubogynyň finalçysy) we «Barselona» (La Ligada ikinji ornuň eýesi) göreşer.

Ýaryşyň ýarym final duşuşyklary aşakdaky tertipde bolar:

«Real Betis» ― «Barselona»;
«Real Madrid» ― «Walensiýa».

Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklar 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Saud Arabystanynda geçiriler. Ýaryş dört ýyldan bäri täze görnüşde geçirilýär. Kubogyň häzirki eýesi «Real», finalçysy bolsa «Barselonadyr».

Ýeri gelende aýtsak, katalonlar bu Kuboga taryhynda 13, «Real» bolsa 12 gezek mynasyp boldy. «Walensiýa» kubogy diňe 1999-njy ýylda eýeläp gördi. «Real Betis» Naýbaşy kubok ugrunda taryhynda ilkinji gezek göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň