Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy

11:1716.05.2022
0
925
Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Surat: tff.com.tm

Düýn futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýene iki duşuşyk geçirildi. Olarda «Kuwwat» bilen «Hereket» utuklary paýlaşan bolsalar, «Olimp» «Baýramalydan» 4:1 hasabynda üstün çykdy.

«A» toparçadaky duşuşykda «Kuwwatdan» Mekan Ataýew, «Hereketden» Alibek Şaýmerdanow tapawutlandy. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň «Olimp» futbol topary Baýramalynyň adybir toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini Şöhrat Owmadow, galan ikisini Resul Öwezow bilen Rüstem Mätrizaýew geçirdi. «Baýramalynyň» ýeke-täk goly bolsa Akmyrat Jumanazarowdan geldi. Bu duşuşyk «B» toparçanyň çäginde geçirildi.

Şeýlelikde, 1-nji tapgyrdan soňra «A» toparçada «Merw» 3 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. «Kuwwat» bilen «Hereketde» 1 utuk bar. Ilkinji duşuşygynda «Merwden» uly hasap bilen utulan «Murgapda» bolsa heniz utuk ýok.

«B» toparçada «Energetik» bilen «Olimpiň» 3 utugy bar. «Ýolöten» bilen «Baýramalyda» bolsa heniz utuk ýok.

Ýaryşda 2-nji tapgyryň duşuşyklary 17-nji we 18-nji maýda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň