Lewandowski: «Ähtimal, «Bawariýada» ahyrky duşuşygymy geçirendirin»

17:1915.05.2022
0
1125

Bundesliganyň jemleýji (34-nji) tapgyrynda «Wolfsburga» garşy (2:2) pökgi geçiren polşaly hüjümçi Robert Lewandowski bu duşuşygyň özi üçin «Bawariýadaky» ahyrky oýun bolup bilmek ähtimallygyny gizlemedi.

«Ähtimal, men şu gün «Bawariýanyň» lybasynda ahyrky gezek meýdana çykandyryn. Doly ynam bilen aýtmasamam, munuň şeýle bolan bolmagy ahmal. Biz klub bilen häzirki wagtda ähli meseleleri çözmegiň üstünde işleýäris» diýip, hüjümçi duşuşykdan soň metbugat wekillerine aýtdy.

Robert Lewandowski 2014-nji ýyldan bäri Mýunhen şäheriniň toparynda futbol oýnap gelýär. 33 ýaşly hüjümçi tamamlanan möwsümde 46 duşuşykda 50 gola goşant goşdy. 35 gol bilen ýene bir möwsümde Bundesliganyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Ýakynda onuň «Barselona» geçmek isleýändigi barada habarlar ýaýrapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň