Soňky habarlar

Arhiw

Myrat Annaýew Aşgabadyň kubogynda «Altyn asyryň» ähli duşuşyklarynda tapawutlanyp gelýär

16:5215.05.2022
0
932

«Altyn asyryň» tejribeli ýarym goragçysy Myrat Annaýew futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşynyň ilkinji dört duşuşygynyň ählisinde tapawutlanan ýeke-täk futbolçydyr. Ol bu netije bilen ýaryşda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň hem başyny çekýär.

Sanawyň ikinji ornunda ― onuň topardaşy, ýaş futbolçy Nurmyrat Rozyýew bar. Ol dört duşuşykda 3 gezek tapawutlanyp bildi.

Sanawyň üçünji basgançagyny bolsa her biri 2 pökgi geçiren futbolçylaryň üçüsi paýlaşýar. Olar «Köpetdagdan» Batyrgylyç Berdiýew bilen Begenç Akmämmedow, «Aşgabatdan» Merdan Gurbanowdyr.

Ýaryşda henize çenli üç futbolçy ― Merdan Gurbanow («Aşgabat»), Begenç Akmämmedow («Köpetdag») we Ahmet Ataýew («Altyn asyr») dagylar 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandylar. Iki futbolçy ― Nurýagdy Baýramow («Ahal-2») bilen Möwlamberdi Goşşanow («Altyn asyr») dagylar öz derwezesine pökgi geçirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň ilkinji sekiz duşuşygynda (dört tapgyrda) 21 futbolçy tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň