Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýanyň General-gubernatoryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

23:1514.05.2022
0
7051

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1002-nji ýylyň 14-nji maýynda gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň