Soňky habarlar

Arhiw

Eýranly türkmen Berdiýewiň toparyna ilkinji ýeňiş getirdi

07:3017.03.2015
0
3087

Aşgabat, 17.03.2015. “Türkmenportal”.

“Rostowyň” futbolçylary Russiýanyň premýer-ligasynda belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Geçen duşenbede 19-njy tapgyryň çäklerinde Don boýundaky şäheriň topary öz meýdanynda “Kubandan” üstün çykdy — 2:1.

Birinji ýarymda hiç bir topara tapawutlanmak başartmady. 51-nji minutda bolsa ýer eýeleri hasaby açdylar. Dumbiýanyň çep gyradan geçiren pökgüsini Buharow kellesi bilen urup, derwezä gönükdirdi.

79-njy minutda Almeýdanyň kömegi bilen myhmanlar hasaby deňlediler. Ýöne “Rostow” duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna iki minut galanda ýene-de öňe saýlandy. Topara ýeňiş getiren pökgini jerime meýdançasynda gözegçiliksiz galan eýranly türkmen Serdar Azmun geçirdi — 2:1. Şeýlelikde, rostowlylar 2008-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Kubandan” üstün çykdylar.

Bu duşuşykdan soň “Rostow” 14 utuk toplady. “Uralyň”, “Arsenalyň”, “Amkaryň” hem şonça utugy bar. Ýöne pökgi tapawudy boýunça Gurban Berdiýewiň topary ýene-de soňky orunda barýar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň