Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öndürýän önümleriň elektron söwdasy guralar

23:2313.05.2022
0
985

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ç.Purçekow «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Aşgabat şäher häkimliginde Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümleri açylyp, olaryň ählisiniň resmi web saýtlary döredildi. Olarda ýerine ýetirilýän işler, edilýän hyzmatlar, öndürilýän önümlerdir beýlekiler barada maglumatlar ýerleşdirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öndürýän önümlerini mahabatlandyrmak we olaryň elektron söwdasyny guramak boýunça taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzir Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ilata edilýän jemagat hyzmatlary sanly ulgama geçirildi, hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi giňeldildi we olar bir bitewi döwlet hyzmatlar ulgamyna birikdirildi. Bu işler geljekde-de netijeli dowam etdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň