Arhiw

ÝUNESKO ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini yglan etdi

19:0214.05.2022
0
1333
ÝUNESKO ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň medeniýetini, sungatyny, mirasyny öwrenmek bilen bagly 35 ýaşa çenli ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini yglan edýär. Bu barada ÝUNESKO-nyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşmak isleýän ýaş alymlaryň teklipleri we ýüz tutmalary 2022-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul ediler. Bu bäsleşige ýaş alymlar tarapyndan hödürlenýän ylmy işleri Beýik Ýüpek ýolunyň halklarynyň medeni-mirasyna, edim-gylymlaryna we häzirki wagtdaky dürli ugurlardaky, şol sanda parahatçylyga we durnukly ösüşe bagyşlanyp ýazylan bolmaly. Bäsleşige gatnaşýan ýaş alymlar bir adam ýa-da alymlar topary bolup hem gatnaşyp bilerler.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň ýaş alymlary ylmy bäsleşige şu aşakdaky görkezilen temalar boýunça gatnaşyp bilerler:

— ylmy, tehnologiýasy we nou-haulary;

— dini we ruhy dünýäsi;

— dili we edebiýaty;

— sungaty we saz mirasy;

— milli oýunlary we sport görnüşleri;

— ykdysadyýeti we söwda ulgamy;

— Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň häzirki zaman meseleleri we kanunçylygy.

Ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige hödürlenen işlere halkara derejeli abraýly alymlar tarapyndan syn berler. Baýraga mynasyp bolan ýeňijileriň sanawy şu ýylyň sentýabr aýynda yglan ediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýeti boýunça guramasynyň ýaş alymlaryň arasynda yglan eden ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaş alymlaryň 12-siniň her birine 10 müň amerikan dollary möçberinde sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin has giňişleýin maglumatlar bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň