Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Mask “Twitter” boýunça geleşigiň togtadylandygyny habar berdi

13:2314.05.2022
0
1270
Ilon Mask “Twitter” boýunça geleşigiň togtadylandygyny habar berdi
Surat: gq.ru

Amerikaly işewür we “Tesla” kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Twitter ulgamyny satyn almak boýunça geleşigiň togtadylandygyny habar berdi. Geleşigi resmileşdirmek platformada galp akkauntlaryň sany boýunça maglumatlary derňemek bilen baglylykda saklanyldy diýip, “RIA Nowosti” habar berdi. Bu barada “belta.by” saýty ýazýar.

Mask bu barada özüniň Twitterdäki sahypasynda: “Geleşik spam we feýk ýazgylaryň sanynyň ulanyjylaryň 5 göteriminden azdygyny tassyklanýança saklandy” diýip ýazdy.
Kompaniýanyň paýnamalary telekeçiniň bu ýazgysy peýda bolan dessine deslapky söwdalaşyklarda 20 göterim pese düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň