Soňky habarlar

Arhiw

HKS Ýerden 2 kilometr uzaklaşar

12:2714.05.2022
0
905
HKS Ýerden 2 kilometr uzaklaşar
Surat: rbc.ru

Halkara kosmos stansiýasy şu gün, 14-nji maýda “Progres MS-20” ýük gämisini kabul etmek üçin öz orbitasyny üýtgeder, bu barada “Gazeta.ru” ýazýar.

“HKS-iň orbitasynyň ortaça beýikligi 1,9 kilometre çenli ýokarlanar” diýip, Russiýanyň “Roskosmos” edarasynyň habarynda aýdylýar.

Kosmos stansiýasynyň hereketlendirijileri HKS-iň orbitasyny 659 sekundyň dowamynda aýdylan beýiklige çykararlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň