Soňky habarlar

Arhiw

«Täze hyzmat» HK hyzmatlaryň gerimini giňeldýändigini we emlägi bahalandyrmak boýunça hünärmenleri gözleýändigini yglan etdi

17:1613.05.2022
0
6179

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy işiniň gerimini giňeldýändigi barada habar berýär. Indi kärhana Türkmenistanyň telekeçilerine we raýatlaryna, şeýle hem daşary ýurtly raýatlara we kärhanalara (fiziki we ýuridiki şahslara) gozgalýan we gozgalmaýan emläkleri bahalandyrmak boýunça ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Täze hyzmat» hususy kärhanasy emlägi bahalandyrmak boýunça boş iş orunlarynyň bardygyny hem mälim edýär.

Bu ugurdaky hünärmene şu hili talaplar bildirilýär:

  • Geljekki müşderiler bilen duşuşyklary geçirmek, nyrhnamalar hem-de emläkler bilen tanyşmak;
  • Emlägi bahalandyrmakda müşderilere täsirli we medeniýetli hyzmaty guramak, amatly şertleri üpjün etmek, administratiw sowallar boýunça maslahatlary bermek, maglumat we beýleki materiallary işläp taýýarlamak hem-de ýetirmek (wizitkalar, nyrhlar, bukletler we beýlekiler);
  • Giriş jaňlara jogap bermek we çykyş jaňlaryny dolandyrmak;
  • Hatlary kabul etmek we ibermek;
  • Şertnama baglaşmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak;
  • Bahalaryň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine gitmek.

Şeýle-de iş wezipesine dalaşgär bahalandyrmak bilen bagly kanunçylyklary bilmeli we türkmen hem-de rus dillerinde gepleşmegi başarmalydyr.

Boş iş orny barada has giňişleýin bilmek we öz maglumatlaryňyzy ýollamak üçin taze_hyzmat@mail.ru elektron poçta salgysyna hat iberip ýa-da +99312452273, +99365532334, +99365717991 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýüz tutup bilersiňiz.

«Täze hyzmat» hususy kärhanasy türkmen telekeçilerine ýuridiki şahslary we şahamçalary hasaba almak, maslahat beriş, buhgalteriýa, dellalçylyk, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşik goldawy babatynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

Mundan başga-da, kompaniýanyň ýöriteleşen tejribeli hünärmenleri gümrük we salgyt gullugyna deklarirlemek, ygtyýarnama we karz almak, iş meýilnamalaryny düzmek we ş.m. işlerde ýardam berýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň