Soňky habarlar

Arhiw

UEFA möwsümi rekord girdeji bilen tamamlaýar

16:2613.05.2022
0
949
UEFA möwsümi rekord girdeji bilen tamamlaýar
Surat: sport.kg

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) tamamlanyp barýan 2020/21-nji ýyllaryň möwsüminde taryhyndaky rekord girdejini gazandy. Has takygy, gurama möwsümi 5,725 milliard ýewrolyk girdeji bilen tamamlaýar.

Bu barada UEFA-nyň Wena şäherinde geçirilen mejlisinde habar berildi. Ozalky rekord 2015/16-njy ýyllaryň möwsümine degişlidi. Gurama şol möwsümi 4,58 milliard ýewrolyk girdeji bilen tamamlapdy.

Taryha siňip barýan möwsümdäki bu üstünligiň aňrysynda 2021-nji ýyla süýşürilen Ýewro ― 2020 çempionatynyň uly goşandy bardyr.

Bu girdeji UEFA-nyň göwnüni galkyndyrdy. Şonuň üçin gurama 2024 ― 2028-nji ýyllar aralygynda milli futbol assosiasiýalarynda berýän maddy goldawyny häzirkisinden 21 göterim artdyrar. Şeýlelikde, bu goldaw 775,5 million bolmakdan 935 million ýewro çenli artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň