Soňky habarlar

Arhiw

“Blumberg” rus rubly 2022-nji ýylyň iň oňat puly diýip yglan etdi

16:0813.05.2022
0
1548
“Blumberg” rus rubly 2022-nji ýylyň iň oňat puly diýip yglan etdi
Surat: ria.ru

Russiýanyň milli puly 2022-nji ýylyň dünýä pullarynyň sanawynda birinji orny eýeledi diýip, Blumberg gullugyna esaslanyp, TASS ýazýar.

Ady agzalan gullugyň habaryna görä, rus rublunyň oňat hümmetlenmegine ýurtda puluň hereketine gözegçiligiň berkidilmegi, şeýle-de tebigy gaz üçin hasaplaşyklaryň rublda geçirilmegi sebäp boldy. Netijede, RF-niň milli puly bu ýyl amerikan dollaryna gatnaşykda 11 göterim ösüş görkezdi.

Öz milli puluny berkitmek üçin beýleki döwletler hem synanyşýarlar, emma olara Russiýanyň derejesine çykmak başardanok diýip, Blumberg belleýär.

Sanawa dünýä ýurtlarynyň 31-siniň milli pullary girizilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň