BDU-nyň täzelenen Hormat tagtasyna türkmen talyplary goşuldy

12:0013.05.2022
0
16722

Ýakynda Minskde ýerleşýän Belarus döwlet uniwersitetiniň içerki howlusynda täzelenen Hormat tagtasy ýerleşdirildi diýip, ýokary okuw mekdebiniň resmi saýty habar berýär.

Bu çärä BDU-nyň rektory Andreý Korol, ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary, hünärmenleri hem-de uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar.

Andreý Korol hünärmenleri we talyplary ýokary netijeleri bilen gutlap, olara hünärlerini durmuşa geçirip maksatlaryna ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelenen Hormat tagtasyna ýokary okuw mekdebiň 64 sany wekili, şol sanda türkmenistanly talyp hem goşuldy. Bu abraýly netijä BDU-nyň filologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Abdylla Taýhanow mynasyp boldy.

Belläp geçsek, BDU-nyň Hormat tagtasy 2011-nji ýylda açyldy. Şondan bäri hem bu netijä ýokary okuw mekdebiniň hünärmenlerinden we talyplaryndan 768-isi eýe bolup, olar jemgyýetçilik işinde hormatly at bilen hem-de hünär işini we okuwyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän maddy goldawlar bilen höweslendirildiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň