Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň dört aýynda 108 göterim ösüş gazanyldy

10:4113.05.2022
0
846

Türkmenistanyň Günbatar sebitinde ýerleşýän «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri şu ýylyň geçen dört aýynda 300 million kilowatt-sagada derek 324 million 286 müň kilowatt-sagat elektrik toguny sarp edijilere ýetirdiler. Netijede bu baradaky meýilnama 108 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky, «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynda döwrüň talabyna laýyk işler alnyp barylýar we bu ýerdäki önümçilik has-da artýar. Ägirt uly önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan bu öňdebaryjy stansiýa diňe bir Günbatar sebitiň däl, eýsem tutuş ýurduň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu ýerdäki turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemegi üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy stansiýa berkidilendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly transformator podstansiýasy ol turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň, şeýle-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Bu desga üç sany esasy podstansiýany we 12 sany lokal podstansiýany özünde jemleýär. Şeýlelikde hem gürrüňi edilýän meşhur milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, ýokary tehnologiki elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen bu ýerde emeli ýagdaýdaky mikroklimat saklanylýar. Bu desga halkara ülňülerine we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň