Soňky habarlar

Arhiw

“Saudi Aramco” dünýäde iň gymmat kompaniýa diýlip ykrar edildi

12:5412.05.2022
0
449
“Saudi Aramco” dünýäde iň gymmat kompaniýa diýlip ykrar edildi
Surat: vedomosti.ru

Saud Arabystanynyň “Saudi Arabian Oil Co.” döwlet energetika kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek söwdalaşyklaryň barşynda “Apple Inc.” kompaniýasyndan ozup, dünýäde iň gymmat kompaniýa diýlip yglan edildi. Bu barada INTERFAX.RU ýazýar.

“Apple” paýnamalary nyrh babatda 3,9 göterim arzanlap, “iPhone” smartfonlaryny öndürijiniň kapitalizasiýasy 2,41 trillion ABŞ dollaryna çenli azaldy. Şol bir wagtda “Saudi Aramco” kompaniýasynyň bahasy söwdalaşyklaryň dowamynda 2,43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi.

“Apple” kompaniýasynyň paýnamalary ýanwarda 3 trln $ hem agypdy, emma indi hümmetsizlenmeden ätiýaçlanmagyň hasabyna onuň paýnamalarynyň bahasy 16 göterim ýitirdi.

“Saudi Aramco” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 30 göterim gymmatlamagyna nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň