Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:5512.05.2022
0
4105

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, žurnalda ýerleşdirilen makalalarda şu ýylyň birinji çärýeginiň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnal Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan duşuşygyndaky çykyşyndan getirilen bölekler bilen açylýar.

Žurnalda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda 19-njy martda geçirilen wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy ýerleşdirilýär.

Žurnalda okyjylara giň bäsleşik we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bagyşlanan «Demokratik saýlawlar we Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri» atly makala hödürlenilýär.

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň hem-de ösüşiniň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny hem-de ýörelgelerini, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu mowzuk «Türkmenistanyň Konstitusiýasy—döwlet ösüşiniň we adyl kazyýetliligiň hukuk binýady» atly makalada öz beýanyny tapýar.
«Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de halkara ynsanperwer hukugyny amala aşyrmak ugrundaky işleri» atly makalada bolsa Türkmenistanyň halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanyp, has ýokary derejelere çykýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşygy barada gürrüň berilýär.

«Döwlet gullugynda ahlak gymmatlyklarynyň orny» atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda häzirki zaman etiketinde bütin dünýäniň ähli halklarynyň gadymyýetden şu güne çenli adatlarynyň, däpleriniň we dessurlarynyň öz beýanyny tapýandygy barada aýdylýar.

Žurnalda ýerleşdirilen «Ulag diplomatiýasynyň ösüşi we kanunçylygyň kämilleşdirilişi» hem-de «Milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň kadalarynyň sazlaşygy» atly makalalarda degişli ulgamlaryň syýasy-hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler bilen bagly meselelere deglip geçilýär.

Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanda konstitusion özgertmeleriň hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen yglan edilen, «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň şertleri çap edilýär.

Žurnal «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2022-nji ýylyň birinji çärýegindäki halkara durmuşynyň esasy wakalary hem-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň