Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-niň diplomaty, ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen duşuşyk geçirdi

23:0511.05.2022
0
4040

11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BAE-niň diplomaty, Ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen duşuşyk geçirdi. Onda birnäçe ugurlar boýunça pikir alyşmalara garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli meseleleri taýýarlamagyň wajypdygyny belläp, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň nobatdaky mejlisini meýilleşdirilişi ýaly, 2022-nji ýylyň dowamyna Abu-Dabi şäherinde geçirmegiň meselelerine garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň