Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni bilen gutlady

03:3612.05.2022
0
7312
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni bilen gutlady
Surat: tribunnews.com

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Wladimir Putin gutlag hatynda Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýandygyny beýan edýär.

«Şu ajaýyp günde biz uruş gahrymanlaryny we tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys, olaryň deňsiz-taýsyz edermenligine, gaýduwsyzlygyna hem-de watançylygyna hormat goýýarys.

Russiýalylaryň hem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň öz ata-babalary baradaky hakyda mynasyp boljakdyklaryna hem-de olaryň wesýet eden dostluk we özara goldaw bermek däplerini gorap saklajakdyklaryna, berkitjekdiklerine ynanýaryn. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde örän möhümdir» diýip, Russiýanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Wladimir Putin gutlag hatynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedowdan Türkmenistanyň uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş edip, olara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de uzak ömür, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk arzuw edýändigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň