Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Ýokarky Ýygnagynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

17:2411.05.2022
0
7488

Şu gün — 11-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Ýokarky Ýygnagynyň Milli Geňeşiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda esasan parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada respublikanyň metbugat gullugy habar berýär.

Myhman Gurbanguly Berdimuhamedowa duşuşmaga wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýän Täjigistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen salamyny ýetirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň Prezidenti Emomali Rahmona iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şol gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Duşuşykda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň möhümdigi nygtaldy. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Ýokarky Ýygnagynyň Milli Geňeşiniň Başlygy iki ýurduň arasynda ählitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Resmi saparyň ilkinji güni Täjigistan Respublikasynyň Ýokarky Ýygnagynyň Milli Geňeşiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň, şeýle-de Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň arasynda hem duşuşyklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň