Soňky habarlar

Arhiw

«Tut» haryt nyşanly gazlandyrylan içgileriň täze görnüşleri öndürilip başlandy

16:5511.05.2022
0
6838

«Jadyly çeşme» hususy kärhanasynyň «Tut» haryt nyşanly alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň önüm görnüşleriniň sany artdyryldy. Täzelikde kärhanada premium tagamly 0.4 L gaplarda «Tut Kola», «Tut Pyrtykal Orange» hem-de «Tut Lemon Lime» suw görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Täze öndürilip başlanan gazlandyrylan içgiler tagamynyň aýratynlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň premium diýlip atlandyrylmagy hem şonuň üçindir. Şu hili aýratynlygy nazarda tutmak bilen, kärhananyň hünärmenleri täze «Tut Kola», «Tut Pyrtykal Orange» hem-de «Tut Lemon Lime» gazly suw içgileriniň asylky nusgawy tagamlaryny müşderilere ýetirmegi maksat edindiler. Olary öndürmekde Germaniýanyň «Döhler» kompaniýasynyň ýokary hilli goşundylaryndan peýdalanylýar. Belläp geçsek, içgileriň beýleki gazly içgilerden esasy tapawutly aýratynlygy — olara şekeriň goşulýanlygydyr. Bu bolsa içginiň tebigylygynyň saklanmagyna ýardam edýär.

«Tut» haryt nyşany bilen bu günki günde kärhanada 0.4 L, 1.5 L göwrümdäki gaplarda suwlaryň onlarça görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda «Tut» haryt nyşany bilen «Gurt», «Gant», «Belle», «Multishake», «Ary Zirk-limon», şeýle-de täze önümler bolan «Tut Kola», «Tut Pyrtykal», «Tut Lemon Lime» ýaly gazly içgiler, şeýle-de arassa agyz suwunyň gazly we gazsyz görnüşleri alyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Häzirki wagtda kärhana tarapyndan yglan edilen utuşly aksiýanyň hem dowam edýänligini ýatladýarys. Utuşly aksiýa gatnaşmak bilen, alyjylar birnäçe dürli, şol sanda gymmat bahaly baýraklara — 2 sany ýeňil awtoulaga, şeýle-de beýleki goýlan kiçili-ululy baýraklara mynasyp bolup bilerler.

Telefon belgisi: +99362624444;

Elektron salgysy: info@tutdrinks.сom

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň