Psiholog oňat dynç almak üçin näçe wagtyň gerekdigini aýtdy

15:2511.05.2022
0
1315
Psiholog oňat dynç almak üçin näçe wagtyň gerekdigini aýtdy
Surat: profilaktica.ru

Russiýaly hünärmen, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty Swetlana Kolosowa zähmet argynlygyndan soň oňat dynç almak üçin näçe günüň gerekdigini aýtdy. Hünärmen işiň argynlygyndan gutarnykly halas bolmak üçin birnäçe gün ýeterlik däl diýip nygtaýar.

“Biz işde diňe fiziki däl, eýsem, psihologiki taýdan hem ýadaýarys. Adam işdekä maglumatlaryň uly möçberini kabul etmeli bolýar. Netijede, ol psihologik basyşdan ýadaýar. Şonuň üçin ruhy taýdan hem oňat dynç almak gerek” diýip, ol gürrüň berýär.

Ol şeýle-de adama işden diňe ünsüni sowmak üçin üç gün gerekdigini belleýär. Doly derejeli dynç almak üçin bolsa, üç hepde gerek bolar. Bu onsoňam boş wagtyň nämä güýmenýändigiňe-de bagly.

“Hakykatdanam, dynç almak üçin on günden iki hepdä çenli wagt gerek. Onsoňam dynç alyşdakaň diňe ýatmak-da peýdaly däl. Mysal üçin, sungat, döredijilik, halaýan güýmenjäň bilen meşgullansaň, iki esse tiz dynjyňy alyp bolýar” diýip, Kolosowa sözüni aýdyňlaşdyrdy. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň