Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň wekiliýeti Aşgabada geldi

12:1811.05.2022
0
6073

Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomaliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýete Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň zenanlar we maşgala meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Kurbanzoda Hilolbi ýolbaşçylyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň