Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi

23:2110.05.2022
0
2050
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy maýda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň