Arhiw

Ženewada golf topunyň ululygyndaky göwher satuwa çykaryldy

12:2910.05.2022
0
3930

Ženewada «Christie’s» söwda öýünde iň uly ak reňkdäki göwher satuwa çykaryldy. Göwheriň agramy 228,31 karat. Golf topunyň ululygyndaky göwher özboluşly görnüşe eýedir. Hünärmenler göwheriň 30 million ABŞ dollara satyljakdygyna ynanýarlar.

Mir24-iň habar bermegine görä, mundan ozal, 2017-nji ýylda ak reňkdäki göwher satuwa çykarylypdy. Onuň agramy bolsa 163,41 karata deňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň