Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigi yglan edildi

11:4110.05.2022
1
3912

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, şeýle-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi ýurduň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Ahalteke bedewimiz — milli buýsanjymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň özboluşly häsiýetini, gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezýän makalalary taýýarlamaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «tmyg.halkarabolum@sanly.tm» elektron salgysyna 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli ugratmaly.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bellenen wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan makalalar TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň «TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO» bölüminde görkeziler.

Bäsleşigiň netijeleri 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ikinji ongünliginde mälim ediler. Bäsleşigiň ýeňijilerini eminler topary kesgitlär.

Bäsleşik we onuň Düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynda ýerleşdirilen gününden başlap güýje girýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri ony gurnaýjylar tarapyndan ýörite Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

  • Habarlaşmak üçin:
  • Telefon belgisi: 44-88-81, 44-88-68.
  • Elektron poçta: tmyg.halkarabolum@sanly.tm
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
n41 ( 16.01.2023 )

makalam.com -da yazyp bilersiniz)

0