Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi

21:5609.05.2022
0
15259
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, eneleri, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Beýik baýramyň taryhy ähmiýetini nygtady.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş taryhy waka bolup, onuň kynçylykly, ýowuz ýyllaryny biziň ata-babalarymyz hem başdan geçirdi. Käbir maglumatlara görä, şol ýowuz urşa biziň ata-babalarymyzyň bir milliona golaýy gatnaşyp, umumy ýeňşe goşandyny goşdular. Olaryň yzynda ýar ojagyny saklap galan zenanlar, ene-mamalarymyz hem zähmet gahrymançylygyny görkezip, uly iş bitirip, Ýeňşiň gazanylmagyna kömek etdiler. Bu işler mukaddes, parz işlerdir. Häzirki döwürde bolsa, biz şol gahrymanlarymyzyň bitiren beýik işlerini, görkezen gahrymançylygyny ýatlaýarys, olaryň sarpasyny belent tutýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan diplomatlary mähirli mübärekläp, ajaýyp bu baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi. Şeýle-de Türkmenistanda geçirilýän ähli jemgyýetçilik we syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin sagbolsun aýtdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýadygärliklere gül goýdular. Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi gerçek türkmenistanlylary hatyraladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň