Soňky habarlar

Arhiw

“Apple-1” kompýuteri söwdalaşyga çykarylar

13:1508.05.2022
0
3201

“Apple-1” kysymly irki kompýuterleriň bir nusgasy ýakyn wagtda söwda-satyg auksionyna çykarylar. Ol Stiw Jobsuň hem-de Stiw Wozýagyň döreden ilkinji kompýuteridir.

Söwdalaşygyň başlangyç nyrhy 250 müň ABŞ dollary bolar diýip, “MacRumors” portaly ýazýar diýip, MIR24 habar berdi.

“Apple-1” kysymyna şeýle ýokary nyrh kesilmegi onuň juda seýrekdigi bilen baglydyr. Onda hatda Stiw Jobsuň eli bilen ýazylan goýberiş sany hem bar.

Kompaniýanyň hünärmeni Deniel Kottke kompýuteriň işleýändigini aýdýar, enjamyň ýany bilen monitor, klawiatura we beýleki bölekleri hem satylar.

Söwdalaşyga şeýle-de 1993-nji ýylda öndürilen Apple MacTV enjamy çykarylýar, ol telewizor bilen kompýuteriň gibridini döretmäge ilkinji synanyşykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň