Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Belentde ýaňlansyn joşgunly owaz» atly bäsleşigiň jemi jemlendi

11:2607.05.2022
0
1025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurduň çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan dürli hünär-ugurlar boýunça saz sungatyna höwesli ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Belentde ýaňlansyn joşgunly owaz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu sungat bäsleşige Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurduň ähli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sungat mekdeplerinden 500-e golaý sazanda gatnaşyp, özleriniň ýerine ýetirijilik başarnyklaryny görkezdiler.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige bagşyçylyk sungatynda, dutar, gyjak, plektrli dutar, kanun, baglama, gitara, akkordeon, fleýta, klarnet, truba, trombon, ksilofon, fortepiano, skripka, wiolonçel saz gurallarynda ýerine ýetiriji ýaş zehinler gatnaşdylar.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine görä, birinji orna Türkmenistanyň çagalar sungat mekdeplerinden ýaş zehinleriň 23-si, 2-nji orna 26-sy, 3-nji orna hem 29 sanysy mynasyp boldular.

Dabaranyň dowamynda bäsleşikde ýeňiş gazanan sazandalar konsert bilen çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň