Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada dünýäniň iň uzak ýaşly adamsy ýüze çykdy

09:0807.05.2022
0
5289

Braziliýanyň 121 ýaşly Mariýa dos Reýş atly ýaşaýjysy dünýäniň iň uzak ýaşan adamy hökmünde ykrar edilip bilner. «Daily Mirror» gazetine salgylanyp, «lenta.ru» neşiriniň habar bermegine görä, lukmanlar bu aýala syrkawlan mahaly çagyranyndan soň üns beripdirler. Doglan şahadatnamasyna görä, Mariýa dos Reýş 1900-nji ýylyň 16-njy iýunynda Braziliýanyň Bom Jesus da Lapa şäherine degişli bolan Bela Wista obasynda doglupdyr we ol häzirki wagtda 121 ýaşyndadyr.

Uzak ýaşly zenan häzirki wagtda hem öz dogduk obasynda ýaşaýar. Onuň agtygynyň aýdyşy ýaly, Mariýa dos Reýş 8 ýyl mundan ozal ýatyra bolmazyndan öň berk bedenli, gujurly bolupdyr. Onuň 13 sany çowlugy we 6 sany ýuwlugy bar. Mariýanyň maşgala agzalary onuň gowluk agtygyny görjegine hem uly umyt bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň