Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iňlis dili boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler

16:2106.05.2022
0
3516

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, halkara olimpiada gatnaşmak isleýän talyp ýaşlar 16-njy maýa çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi web saýtynda resmi ýerleşdirilen maglumatlary dolduryp hasaba alynmaly. Iňlis dili dersi boýunça geçirilýän halkara internet olimpiadasy sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçiriler.

Olimpiadanyň testlerini tabşyran talyplaryň netijeleri we gazanan bahalary awtomatik usulda hasaplanyp, guramaçylyk topary boýunça testiň netijeleri kesgitlener.

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň