Soňky habarlar

Arhiw

Garagum sährasynda ralli-reýd boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi

15:0306.05.2022
0
1163

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen Awtomobil sporty federasiýasynyň bilelikde guramagynda awtosportuň ralli-reýd görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi.

Garagum sährasynyň Mürze — Derweze ugry boýunça 230 kilometr aralyga geçirilen çempionata awtomobil sporty bilen gyzyklanýan türgenler gatnaşdylar. Olar erk edýän sport awtoulaglarynda pellehana ilkinji barmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmadylar.

Halkara awtomobil sporty federasiýasy (FIA) tarapyndan tassyklan sport awtoulaglarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport-ulag merkeziniň türgeni, sürüji Süleýman Annamämmedow, ýolbelet Parahat Garlyýew birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Aşgabat şäheriniň çempionaty ugrunda ralli-reýd boýunça geçirilen ýaryşda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri, sürüji Merdan Toýlyýew bilen ýolbelet Şöhrat Toýlyýew ikinji orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, sürüji Maksat Daňatarow bilen Daşoguz welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Bazaly sport toplumynyň hünärmeni, ýolbelet Didar Arazmedow dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Awtomobil sportuň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň