Soňky habarlar

Arhiw

Gogolyň ýaşan döwründe neşir etdiren ýeke-täk eserler ýygyndysy auksiona çykaryldy

12:0006.05.2022
2
3835
Gogolyň ýaşan döwründe neşir etdiren ýeke-täk eserler ýygyndysy auksiona çykaryldy
Surat: book-elite.ru

Nikolaý Gogolyň ýaşan döwründe neşir etdiren ýeke-täk eserler ýygyndysy auksiona çykaryldy. 1842-nji ýylyň dekabrynda çap edilen dört kitapdan ybarat bolan bu eserler toplumy «Литфонд» auksion öýi tarapyndan hödürlener. Lotuň başlangyç bahasy 2 million 800 müň rubla deň diýlip kesgitlenýär. Eserler toplumynda jemi dört kitap bar: «Dikankanyň golaýyndaky fermada geçen agşamlar», «Mirgorod. Dikankanyň golaýyndaky fermada geçen agşamlaryň dowamy bolup hyzmat edýän powestler», «Powestler» hem-de «Komediýalar».

Kitaplaryň birinji jiltiniň sözbaşy sahypasynda bagyşlanma ýazgysynyň ýerine Nikolaý Gogolyň şahsy möhüriniň yzy bar. Mir24 habar gullugynyň bellemegine görä, auksiony 12-nji maýda guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň