Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň finalçylary belli boldy

09:0006.05.2022
0
1658
UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň finalçylary belli boldy

Italiýanyň «Roma» we Niderlandaryň «Feýenoord» futbol toparlary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň finalyna çykdylar.

Ýarym finalda «Roma» «Lesteri» (1:1, 1:0), «Feýenoord» bolsa «Marseli» (3:2, 0:0) ýeňdi. Şu möwsümde ilkinji gezek geçirilen Ýewropanyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşynyň final duşuşygy 25-nji maýda Albaniýanyň Tiran şäherinde geçiriler.

Finaldaky ýeňiji geljek ýylda UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň toparçalaryna goşulmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň